Hindistanda ilkinji robot-mugallym işe başlady

11 Mart 2024
386

Emeli aň arkaly işleýän ilkinji robot-mugallym ýurduň günortasyndaky Keral ştatynyň Triwandram şäheriniň orta mekdebinde peýda boldy.

Açyk reňkli hindi sarisi geýdirilip, hakyky mugallymyň keşbini emele getiren robota Iris adyny berdiler. Synp otagynyň içinde robot oturdylan tekerleriň kömegi bilen hereket edýär. Okuwçylar bilen tanşanynda bolsa salamlaşmak üçin elini uzadýar. Iris dürli derslerden berlen soraglara jogap bermegi başarýar.

Taýýarlan: Gülälek AŞYROWA,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.