SpaceX käbir emeli hemralary ulanyjylara has amatly ýerleşdirmek isleýär

24 Fewral 2024
365

SpaceX kompaniýasy Starlink internet-hyzmatynyň käbir hemralaryny ulanyjylara ýakynrak ýerleşdirmek isleýär. Munuň üçin kompaniýa ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasyna öz hemralaryny Ýeriň üstünden 340-360 km belentlikde ýerleşdirmäge rugsat almak üçin ýüz tutdy. Bu häzirki ulanylýan orbitalardan 200 km pesdir.

Netijede, Starlink internetini ulanýan ulanyjylara, kärhanalara we degişli gulluklara hödürlenilýän hyzmatlaryň hili ýokarlanar.