Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslama işe girizilýär

22 Fewral 2024
355

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär. “Zenanlaryň arasynda “Salesforce” işläp taýýarlaýjylar üçin okuw kursy” diýlip atlandyrylýan bu taslama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda zenanlaryň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.

Taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde ýaşaýan we 18 ýaşdan geçen zenanlar web-işläp taýýarlamalar we maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmak boýunça bilimleri alarlar. Bu olara özleriniň özbaşdak işlerini açmagyna şert döreder. Mundan daşary, olar bu ugurda ozal bar bolan ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirerler.