Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

22 Fewral 2024
311

Türkmenistanda döredilen elektron habar alyş-çalyş hyzmatlary ýurtda ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady diýip, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde gürrüň berdiler.

Hususan-da, tekst habarlaryny, suratlary, wideolary we beýleki faýllary çalt alyşmak üçin «Start» messenjeri häzirki wagtda 350 müňden gowrak adam tarapyndan ulanylýar. Hyzmat «Google Play» we «App store» dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ykjam programma ses we wideo jaňlary üçin hem ulanylyp bilner.