Tutum uly, depgin ýokary

21 Fewral 2024
341

Oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginde Türkmenabat tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň paýy uludyr. Bu ýerde ýylyň dowamynda kombaýnlar, traktorlar üçin ätiýaçlyk şaýlary taýýarlanylýar, könelişenleri bolsa täzeden dikeldilýär. Zawodda gerekli şaýlaryň wagtynda we ýokary hilli öndürilmegi gazanylýar.

— Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işgärleriniň öňünde ene topragyň hasyllylygyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän gök-bakja önümlerini, miweleri özümizde öndürmek wezipesini goýdy. Bu köp babatda tehnikanyň netijeli işledilmegine bagly. Munuň üçin tehnikalaryň «onki süňňi» gurat bolmaly. Şonuň üçin hem biz şaýlaryň ählisiniň buýrulyşy ýaly taýýarlanylyşyna gözegçilik edýäris — diýip, zawodyň gözegçi inženeri Aziza Hallyýewa gürrüň berdi.

Döwlet JUMADURDYÝEW.