Bank ulgamynda «bulut» tehnologiýalarynyň ähmiýeti

19 Fewral 2024
481

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, ähli işlerdir hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şunda «bulut» tehnologiýalary häzirki wagtda ykdysady aragatnaşyklaryň we geljegiň biznes-modelleriniň aglabasynyň esasyny düzýär. Bank ulgamynda «bulut» tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy müşderilere bökdençsiz we dessin bank hyzmatlaryny hödürlemegiň mümkinçiliklerini has-da artdyrýar.

Bu ugurda maliýe guramalary soňky wagtda halkara giňişliginde şeýle möhüm işi has-da çaltlandyrdylar. «Accenture»-niň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň we ABŞ-nyň banklarynyň 95%-i «bulut» çözgütlerini eýýäm bir görnüşde durmuşa geçirdi we soňky birnäçe ýylda «Cloud»-a bolan maýa goýumlary 30% artdy. «Bulut» hyzmatlaryny ulanýan banklar, ortaça hasap bilen, girdejilerini bäsdeşlerinden iki esse köpeldip, amal çykdajylaryny bolsa 10-20% azaldýarlar. Şeýdibem, bazara 30-50% täze çözgütleri getirýärler. Mundan başga-da, täze meseleler üçin IT çeşmelerini paýlamak 40-50% derejede tiz ýerine ýetirilýär.

Oguljennet BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.