Türkmen ýaşlary – sanly ösüşleriň eýesi

17 Fewral 2024
484

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, sanly maglumat gorunyň alnyp barylýan işlerde hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekde hem-de sanly ulgamy yzygiderli kämilleşdirmekde ýaş nesillere esasy orun berilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuş-ykdysady ösüşleri we döwrebap hukuk üpjünçiligi bilen sazlaşykly alnyp barylmagy Türkmenistan döwletimiziň ösüşler ýoly bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy durnukly ösüşiň binýady bolup hyzmat edýär. Okgunly ösýän sanly tehnologiýalar dünýä hojalygyny alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegini şertlendirýär.

Rozaý SEÝDULLAÝEWA
Çärjew etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň mugallymy