USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär

17 Fewral 2024
396

16-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumy geçirildi. Bu forum Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler baradaky çärelere bagyşlandy.

Häzirki zaman çalt özgerýän dünýäde sanlylaşdyrmak öndürijiligi, çeýeligi we durnuklylygy ýokarlandyrmak bilen her bir üstünlikli guramanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu düzüm böleginiň uly ähmiýetine göz ýetirip, USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetini innowasion sanly ukyp-başarnyklar bilen üpjün etmekligi özüne maksat edindi. Forum raýat pudagynda özara sanly gatnaşyklaryň strategiýalaryny, şol sanda sanly ulgamda raýat jemgyýetini özgertmekligiň faktorlaryny we mümkinçiliklerini, sanlylaşdyrmak pudagynda milli hukuk binýadyny, şeýle-de durmuş üpjünçiliginde, saglygy goraýyşda we bilimde sanly tehnologiýalaryň peýdalaryny ara alyp maslahatlaşmaklyga bagyşlandy.