Sanly bilim ulgamy – giň mümkinçilikleriň toplumy

14 Fewral 2024
383

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda “2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär.

Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de, bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Biziň okuwçylarymyz okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygider artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmatyny we ähmiýetini dürli söhbetdeşlikleriň netijesinde ýaşlara düşündirýäris. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň innowasion tehnologiýalar bilen çalt depginde ösýändigine şaýatlyk edýär.

Muhabbat ERGEŞOWA
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy