Sanly ulgam — döwrebaplygyň binýady

14 Fewral 2024
437

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen, durmuşymyzyň hemme ugurlarynda biziň has tijenip işlemegimizi talap edýän umumymilli wajyp wezipe — sanly ulgama geçmek boýunça özgertmelerdir. Sebäbi sanly ulgam — döwrüň talaby, döwrebap ösüşleriň bolsa binýadydyr. Häzirki wagtda durmuşymyzyň ähli pudaklary sanly dolandyryş ulgamlarynyň has giň möçberde ulanylmagyny talap edýär.

«Türkmenistanda 2019−— 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hereket etmegi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentlikleri bilen aýakdaş gitmeginiň, ösen döwletleriň hataryna goşulmagynyň esasy şertidir. Dünýäde ýokary halkara abraýy, ykdysady we durmuş derejesi, döwrebap ylym we medeniýet ulgamy bilen tanalýan Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýete geçmek üçin gerek bolan zerur şertler doly ýeterlikdir. Bellemeli zatlaryň biri-de, ýurdumyzda ykdysadyýet we dolandyryş ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň gitdigiçe giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň bu ulgamdaky netijeliliginiň ýokarlanmagydyr. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary esasynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bu ugurdaky wezipeler hasam aýdyňlaşdyrylyp, has-da işeňňir häsiýete, anyk ugurlara we gujurly depginlere eýe boldy.

Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň esasy hünärmeni.