AŞTU «akylly» týunerlerini hödürleýär

14 Fewral 2024
390

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti müşderilerine indi «Belet Film» hyzmatyny 12 aý möhlet bilen garaşaryna hödürlenýän «Belet Box» týuneri arkaly birikdirmek mümkinçiligini ýetirýär.

«Belet Box» týuneri üçin her aýda geçirilmeli töleg 69 manada deň bolýar. «Belet Box» enjamy garaşaryna satyn alnan ýagdaýynda “Belet Film” hyzmatynyň her aýlyk tölegi 5 manat ýokarlanýar, has takygy týuner nagt satyn alnanda bu hyzmatyň aýlyk tölegi 30 manat bolsa, enjamy garaşaryna alanyňyzda hyzmatyň aýlyk tölegi 35 manada barabar bolýar.