Elektron we kompýuter enjamlarynyň 2000-e golaýy ornaşdyryldy

12 Fewral 2024
372

«Microsoft» we «Intel» ýaly dünýä belli kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýän «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan Arkadag şäherindäki onlarça edara-kärhanalara 2000-e golaý kompýuter enjamlary, dürli ölçegdäki monitorlar we barkod enjamlary üstünlikli ornaşdyryldy.

«Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy türkmenistanlylar üçin elýeter, döwrebap kompýuter we ykjam smart enjamlaryny öndürýän milli kärhanadyr. Kärhananyň esasy maksady Türkmenistanda kompýuter tehnologiýalaryny öndürmek we ösdürmek bolup durýar.