ŞHG-ä agza ýurtlar bilelikde Tehnoparklaryň bileleşigini dörederler

6 Fewral 2024
348

Gazagystanyň sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagat ministri Bagdat Musin Almaty şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşine jogapkär ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçünji maslahatynda şeýle başlangyç bilen çykyş etdi.

Bu çäre «Digital Almaty 2024» forumynyň çäklerinde geçirildi diýip, Merkezi Aziýadaky IT başlangyç kompaniýalaryň (startap) iň iri halkara tehnoparky «Astana Hub» habar berýär.