Türkmen diplomatiýasy: Watanyň we halkyň bähbidine tagallalar

21 Dekabr 2023
1330

«Döwletiň daşary syýasatyny haýsy ýollar we nähili ussatlyk bilen durmuşa geçirmeli?» diýen sowala jogaby «diplomatiýa» atly örän inçe hem çylşyrymly sungatyň jogap berip bilýändigini halkara gatnaşyklaryň köp müňýyllyk tejribesi doly subut edýär. Sebäbi daşary syýasat ýurduň halkara işlerdäki umumy ugruny öz içine alsa, diplomatiýa şol syýasaty amala aşyrmagyň iň möhüm guralydyr. Şoňa görä, häzirki zaman dünýäsinde diplomatik işiňdir diplomatlaryň, diplomatik gullugyň orny we zerurlygy barha artmak bilen. Şu nukdaýnazardan, 11-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisi aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe her ýylyň ahyrynda türkmen diplomatlary bilen duşuşyp, döwletimiziň daşary syýasatyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly oňyn tejribäni ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu asylly işiň mynasyp dowam etdirilýändigini geçen hem şu ýyldaky duşuşyklaryň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Diplomatlar bilen dürli ýyllarda geçirilen mejlisdir duşuşyklaryň mazmunyna ser salanymyzda, bir hakykata doly göz ýetirip bilýäris: Türkmenistanyň daşary syýasy ugry we halkara gatnaşyklardaky garaýyşlary üýtgewsiz bolmagynda galýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyga, birek-biregi hormatlamaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzyň üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar. Beýleki bir tarapdan bolsa, dünýäde bolup geçýän geostrategik üýtgeşmelerdir ýüze çykýan täze meýiller olar babatda örän oýlanyşykly, netijeli, şol bir wagtda-da, çeýe syýasaty amala aşyrmagy zerurlyk hökmünde öňe çykarýar. Şeýle şertleriň Ýer ýüzüniň çar künjeginde Watanymyzyň bähbitlerini goraýan diplomatlardan iňňän uly jogapkärçiligi, ýokary hünär ussatlygyny hem tutanýerliligi talap edýändigi öz-özünden düşnüklidir.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».