Bitaraplyk — dünýäniň parahatlyk aýdymy

14 Dekabr 2023
1059

Hemişelik Bitaraplyk türkmen diplomatiýasynyň iň uly üstünligidir, türkmen halkynyň milli gymmatlygy, baş mukaddeslikleriniň biridir. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz umumadamzat medeniýetine,  bütindünýä gymmatlyklaryna  mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagyna giň ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, her kişi gowy adam bolmagy, sagdyn nesilleri terbiýeläp, il hataryna goşmagy arzuw edýär. Munuň üçin bolsa juda zerur zatlar bar, ilkinji nobatda, Zeminde parahat ýaşaýşyň bolmagy zerur. Diýmek, Bitaraplyk halkyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.