Toýly mekanyň asudalyk mukamy

14 Dekabr 2023
1083

Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — Bitarap ýurduň jennet mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Bu maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuna bagyşlandy.

Dabarada çykyş edenler, ilki bilen, şanly Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar. Olar ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasynyň umumadamzat gymmatlygynyň sanawyna goşulmagyny, şeýle-de ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ilat we ösüş komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlanylmagyny aýratyn bellediler. Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu hoş habaryň gelip gowuşmagy mähriban halkymyzy beýik ösüşli ýollarda bedew bady bilen ynamly gadam urmaga ruhlandyrdy.

(Ýörite habarçymyz).