Parahatçylyk söýüjiligiň we durnukly ösüşiň kepili

12 Dekabr 2023
559

Türkmenistan özüniň daşary syýasat işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerini ileri tutýar. 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama mundan 28 ýyl ozal — 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň, şeýle-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kabul edilen Kararnamalaryň ýol-ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, dünýäniň döwletleri bilen özara gatnaşyklary yzygiderli artdyrýar, Ýer ýüzüniň ösen ýurtlarynyň hataryna girmegi çaltlandyrmak üçin özüniň geosyýasy, ykdysady, serişde we adam mümkinçiliklerini peýdalanýar. Özüniň parahatçylygy söýüjilik we dörediji kuwwatyny has doly peýdalanmaga çalyşmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan täze pikirleriň hem-de teklipleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyç boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Aýdogdy AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň baş ylmy işgäri.