Parahatçylyga daýanýan hyzmatdaşlyk

12 Dekabr 2023
506

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk şanly baýramy ata Watanymyzyň çar künjünde uly dabaralar bilen toýlandy. Dünýä bileleşiginiň dostlukly ýurtlary we hyzmatdaşlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71-nji mejlisinde kabul eden çözgüdi esasynda parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alyp, her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi belleýärler. Iň iri halkara gurama tarapyndan ykrar edilip, dünýä derejesinde bellenilýän şeýle güni döretmek hakyndaky asylly başlangyjy hem türkmen halkynyň Milli Lideri hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň baýram gününde dost-doganlyk ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň, abraýly halkara, sebit hem-de dünýä guramalarynyň, Ýer ýüzüniň ýokary syýasy derejeli wekilleriniň, diplomatlarynyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynda öňe sürüpdi. Gahryman Arkadagymyz şol maslahatdaky taryhy çykyşynda milli ýörelgämiziň esaslary bolan parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, abadançylyk, dost-doganlyk we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, ählumumy ösüşi üpjün etmekde Bitaraplygyň oňynlyklary dogrusynda giňişleýin beýan edipdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edilipdi. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu möhüm resminamada «BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» diýen halkara hukuk derejesini resmi taýdan yglan edýär hem-de guramanyň ähli agzalaryny Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy saklamaga çagyrýar. Geçen ýyl geçirilen Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde bolsa, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň «Dünýäniň täze gün tertibi» bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr we «Dialog — parahatçylygyň kepili» pelsepesini ilerletmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen sazlaşýar. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň maksady, BMG-niň Tertipnamasynyň jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek we geljekki nesilleri dawa-jenjellerden halas etmek baradaky esasy ýörelgelerine halkara giňişliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Parahatçylygy döretmek sungatynyň ussady bolan Gahryman Arkadagymyz Ýer ýüzüniň halklarynda, dünýä döwletlerinde ynanyşmak medeniýetini kemala getirmegiň ýollaryny salgy berýär.

Narjemal HALMURADOWA,
Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň taryh mugallymy.