Bitaraplyk dünýä ýalkymyn saçýar

12 Dekabr 2023
492

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz syýasy ulgamda uly ösüşler gazanýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky çözgütleri we daşary syýasy ýörelgeleri, ilkinji nobatda, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Ýagny, ädilmeli her bir ädimde, durmuşa geçirilmeli her bir taslamada we amala aşyryljak wezipeler kesgitlenende Bitaraplygyň umumy kabul edilen hukuklarynyň hem-de borçlarynyň çäklerinde hereket edýär.

Häzirki döwürde bitaraplygyň dünýä derejesindäki ähmiýetine uly baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň parahatçylygyň we durnuklylygyň strategik düzgünlerine doly gabat gelýän türkmen Bitaraplygyna aýratyn orun degişlidir. Halkara bileleşigi hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik şertleri döretmegiň pugta guraly hökmünde garaýar. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu wezipäni çözmekde BMG-niň Türkmenistany saýlamagy, türkmen diplomatiýasynyň gazananlaryny dünýä tejribesi bilen utgaşdyrmagy ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji, durnukly ösüşi goldaýan we halklaryň abadançylygy ugrunda hereket edýän merkezdigini bütin dünýä äşgär etdi.

Ogulhally ÝAÝLYMOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.