Bagtyýarlyk binýady

12 Dekabr 2023
515

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň milli maksatlary we wezipeleri parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň ýörelgeleri bilen özara baglanyşýar. Bu baglanyşyk Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýynyň binýatlaýyn ýörelgeleri bilen utgaşýar. Netijede, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistana halkara giňişlikde okgunly ösmäge mümkinçilik berdi, içerki abadançylygy üpjün etdi hem-de oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli zerur şertleri döretdi.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde eýeleýän mynasyp orny häzirki wagtda has-da pugtalanýar. Bu bolsa täze wezipeleri kesgitlemäge, ösüşiň täze belentliklerini nazarlamaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny üýtgewsiz dowam eder. Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, hoşniýetli erk-islege daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly esasy ýörelgeler Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda bolar.

Güýçgeldi BERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.