Asuda ösüşiň kepili

12 Dekabr 2023
519

Garaşsyzlyk türkmen halky üçin altyn eýýamyň gapysyny açdy, Türkmenistany hemişelik Bitaraplygyň mekanyna öwürdi. Bu dünýäde ykrar edilen hakykatdyr.

Bitaraplyk ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biridir. Bitaraplyk ösüşiň, howpsuzlygyň, durmuş abadançylygynyň özeni hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa, Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.