Bagtyýarlygyň ýalkymy

12 Dekabr 2023
461

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 28 ýyl boldy. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek makullanyldy. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredildi.

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany. Şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi hem munuň tassyknamasyna öwrüldi. Bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» forumynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Ýeňiş NURGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.