Millilige ýugrulan türkmen Bitaraplygy

12 Dekabr 2023
490

Her ýylyň ahyrky aýynyň 12-sine bellenilýän bu baýramyň dabarasy şu ýyl has-da uly boldy. Ol diňe bir ata Watanymyzyň ykbalynda däl, eýsem, halkara derejesinde dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän wakalara baýlygy bilen tapawutlandy.

Munuň şeýledigini Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ylym, bilim boýunça, medeniýetdir sungat babatda, syýasy-ykdysady ugurlary öz içine alýan halkara maslahatlarynyň onlarçasynyň ýokary taýýarlyk derejesinde geçirilmegi-de subut edýär.

Rejepmyrat ANNAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň uly mugallymy.