Şanly baýramçylyk dabaralara beslendi

12 Dekabr 2023
687

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny uludan toýlady. Türkmen halky ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeltmek, onuň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, hormatly Prezidentimiziň beýik özgertmelerine mynasyp goşant goşmak hyjuwy bilen joşýar. Bu gün il-günümiz adalatyň, berkararlygyň dabaralanýan döwründe baky Bitaraplyk ýörelgesi bilen aýdyň geljegine barýar.

Eziz Diýarymyza çäksiz buýsanjy bolan mähriban halkymyz eşretli zamananyň hözirini görýän günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi giňden belledi. Ýurdumyzda bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralara, maslahatlara dürli çärelere giňden orun berildi. Asylly däbe görä, Bitaraplyk binasyna gül desseleri goýuldy.

Mekan ABDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.