Parahatçylygyň röwşen şuglasy

12 Dekabr 2023
635

Häzirki ajaýyp döwrümizde toýlarymyz toýlara ulaşýar. Ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilen Halkara Bitaraplyk güni hem şanly baýramymyzdyr. Bitaraplyk öz gözbaşyny mukaddes ýörelgelerden alyp gaýdýar. Halkymyz goňşy halklar bilen dostana we özara düşünişmek ýörelgelerini durmuşynyň manysyna öwrüp gelipdir. Şonuň üçin hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramy uludan toýlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen Bitaraplygynyň mazmuny has giň mana eýe bolýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnama kabul edildi.

Bahar ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.