Şanly senäniň buýsanjy

12 Dekabr 2023
464

Gadymy türkmen topragyna Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň buýsançly senesi bolan Halkara Bitaraplyk güni ýetip geldi. Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk Garaşsyz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy. Hut şonuň üçinem Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzyň çar künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Şu buýsançly senäniň toý-dabarasy biziň welaýatymyzda-da alyslara aşdy.