Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

12 Dekabr 2023
1002

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ertir, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini nygtap, ýygnananlary we mähriban halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw etdi.