Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar ýa-da goşa baýramçylygyň ruhubelentligi

11 Dekabr 2023
480

Şu gün Türkmenistan milli baýramynyň — hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 28 ýyllyk şanly senesini uly dabaralara, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan üstünliklere besläp, uly ruhubelentlikde belleýär. Soňky ýyllaryň tejribesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň nebitgazçylary hem hünär baýramyny — 14-nji dekabrda bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen Diýaryna toýlaryň goşa-goşadan gelmegi Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaň salan başlangyçlaryny döwrebap ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasat ugrunyň, halkymyzyň abadançylygyna, maddy hal-ýagdaýynyň öňküden-de gowulanmagyna gönükdirilen içeri syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistan döwletine hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi ýurdumyzdaky parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ykrarnamasy boldy.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».