Türkmen zenanlarynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny

11 Dekabr 2023
448

Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramçylygy, Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine berk eýermek esasynda alyp barýan daşary syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bitaraplyk dostlugyň nyşanydyr. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we olar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekdir.

Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa, öz gezeginde, umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ata Watanymyzyň, şol sanda türkmen halkynyň dünýä giňişligindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.