Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreler

11 Dekabr 2023
543

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Halkara foruma daşary ýurt wekiliýetleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň agzalary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Bu halkara forumda Türkmenistanyň halklary agzybirlige, jebislige, ysnyşykly gatnaşyklara, uly ösüşlere çagyrýan döwletdigi çykyş edenler tarapyndan aýratyn bellenildi. 

«Diýar».