Türkmen döwletliliginiň ganaty

11 Dekabr 2023
680

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, beýik başlangyçlary öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna («СOP28») gatnaşyp, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eden Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda toýlanýan Halkara Bitaraplyk güni hoş habarlara beslenip geldi. Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanmagy türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň, Watanymyzyň her bir raýatyny abadan, bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär. Biziň kuwwatly, täzeçil ykdysadyýeti, ýokary durmuş derejeli halky we belent halkara abraýy bolan Garaşsyz, özygtyýarly Türkmenistanda gazanýan üstünliklerimiz yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatymyz bilen baglydyr. Şeýle çäreleriň we ýetilen belent sepgitleriň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändigine doly güwä geçýär.

Bahadir ÝULDAŞOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.