Bitaraplyk — köňülleriň birligi

11 Dekabr 2023
476

Parahatçylyk — dünýädäki iň uly gymmatlyk. Bilşimiz ýaly, türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanýar.

Milli Liderimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahypalary hakda giňişleýin durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem beýan etdi.

Altyn USSAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.