Lebapda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär

12 Dekabr 2023
455

Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Gündogar welaýatda-da Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary giňden bellenildi. Olara bagtyýar ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Ir säher çagynda welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynda we ähli etrap-şäherleriň Baýdak meýdançalarynda keşbine baky Bitaraplygymyzdan nyşan bolan zeýtun şahajyklaryny siňdiren Döwlet baýdagymyz Döwlet senamyzyň joşgunly mukamynyň astynda belende göterilip, şanly toýuň dabarasy asman belentligine ýaýyldy. Soňra ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň baýramçylyk gutlaglaryna gezek berildi. Ildeşlerimiziň ýürek buýsançlary baýramçylyk gününiň ir säherindäki dabaralaryň ählisine aýratyn şadyýanlyk we bagtyýarlyk ruhuny çaýdy. Soňra baýramçylyk dabaralaryny aýdym-sazly çykyşlar gurşap aldy. Welaýatymyzyň görnükli sungat ussatlary hemişelik Bitaraplygymyzy we sakasynda hormatly Prezidentimiz duran beýik tutumlary joşgunly aýdymlar bilen wasp etdiler.