Mugallymlar hem, okuwçylar hem ýaryşdylar

11 Dekabr 2023
515

Mekdebimizde mugallymlaryň we okuwçylaryň okuwdan boş wagtlarynda sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mugallymlaryň we okuwçylaryň arasynda şeýle ýaryşlaryň ýene-de birini geçirdik. Has takygy, okuwçylarymyz woleýbol we futbol, mugallymlar bolsa stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşdylar.

Ýagşygül SOLTANOWA,
Çärjew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.