Şanly senä bagyşlandy

11 Dekabr 2023
569

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mekdebimizde «Bitaraplyk ― baky bagtyň baýramy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa mugallymlarymyz we talyplarymyz işjeň gatnaşdylar.

Çärjew etrap bilim bölümi tarapyndan geçirilen maslahata ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda hemişelik Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ýaş nesilleriň ykbalyna çaýan nury barada aýratyn aýdyldy.

Nargiza NURYÝEWA,
Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.