Bitaraplyk — dost-doganlyk, parahatlyk, asudalyk

11 Dekabr 2023
388

Şanly sene – 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde Türkmenistan döwletimiz tarapyndan bir bakylygyň düýbi tutuldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Jarnama kabul edildi. Bu Jarnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýä ýüzünde parahat söýüji döwlet hökmünde ykrar edildi.

Bitaraplyk — Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesi. Türkmenistanyň Bitaraplygy — häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmek we olary has giň tejribä daýanyp, çözmeklige çalyşmak. Ýurdumyz Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne birnäçe borçnamalary aldy. Şol sanda umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy bilen bir hatarda beýleki halkara guramalar bilen hem hyzmatdaşlyk saklap, dünýä ýüzüniň parahatçylygy ugrunda uly işler alyp barýar.

Ýazmyrat KÜLÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.