Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmasy

11 Dekabr 2023
432

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dürli medeni çäreler, maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Golaýda welaýat kitaphanasynda «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň kepili» ady bilen bolan maslahat hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanyldy. Maslahaty welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasy, welaýatyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Oňa welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow alyp bardy.