Bitaraplyk — bagtymyz

11 Dekabr 2023
481

Golaýda Wekilbazar etrabynyň 38-nji orta mekdebinde TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň hem-de etrap bilim bölüminiň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bagtyýar geljegi nazarlap barýar, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik etrabyň bilim bölümine degişli orta mekdeplerde okap bilim alýan ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ýurdumyzy, Watanymyzy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän dürli görnüşdäki suratlary çekmek we şekillendiriş eserleri döretmek boýunça geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli bolup, oňa gatnaşanlara hormatly emin agzalary mynasyp baha berdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Merjen ANNABERDIÝEWA,
TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň jogapkär işgäri.