Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary

10 Dekabr 2023
628

Türkmen halkynyň asylly ýörelgesinde parahatçylyk taglymaty aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň baky Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen Türkmenistanyň kanunlaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şu wezipeden ugur alnyp, milli kanun çykaryjylyk ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de Türkmenistanyň täze kanunlary kabul edilýär.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.