Hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

10 Dekabr 2023
501

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, abadançylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurt hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde onuň düzümleriniň işine işeňňir gatnaşýar. Şonuň esasynda hem sebit we umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär, belent ykrarnama eýe bolýar. Bu başlangyçlar Milletler Bileleşiginde giň seslenme döredip, Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Hemişelik Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny halkara derejesine çykarmaga ak ýol açdy. Munuň özi bagtyýar halkymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen hemişelik Bitaraplyga daýanyp, «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, dürli döwletler we halklar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegidir. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet MÖWLAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.