Umumadamzat gymmatlygy

29 Noýabr 2023
471

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly rezolýusiýasyna laýyklykda, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 1995-nji ýylda dünýäniň 185  döwleti tarapyndan, 2015-nji ýylda dünýäniň 193 döwleti tarapyndan goldanyldy. Dünýäde ilkinji gezek döwlete bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iki gezek tassyklap bermek Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy özüniň ähli agzalaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga, goldamaga çagyrýar.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halky üçin buýsanjyň, bagtyň gözbaşy. Hemişelik Bitaraplygymyz hem, edil Garaşsyzlygymyz ýaly, ýakymly, dabaraly baýram. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganata daýanyp, halkymyz ösüşleriň belentligine tarap öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr.

Serdar DIWANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň kafedra müdiri.