Zeminiň asudalygy, asmanyň päkizeligi

29 Noýabr 2023
342

Berkarar döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly toýuny uly dabaralara besleýär. Türkmen bitaraplygynyň asyrlardan aşyp gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan, asylly däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Taryhymyza ser salanymyzda, merdana halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolandygyna, beýleki halklar bilen dostluk gatnaşyklaryny alyp barandygyna şaýat bolýarsyň. Türkmenistanyň üstünden Gündogary we Günbatary birleşdirip, halklaryň ýaşaýyş-durmuşynda, döwletleriň ösüşinde möhüm orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň has-da gülläp ösmegine şert döredipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ata-babalarymyz ýakyn-u-alys halklar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny saklamaga, ähli ugurlarda çuň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga nesil terbiýesiniň aýrylmaz ugry hökmünde garap, oňa ruhy dünýäsinde orun beripdir. Açyk asmanyň astynda, parahatçylygyň eşretini görüp ýaşamagy ündäpdir» diýip belläp geçmegi şol durmuş hakykatyndan ugur alýar.

Bitaraplyk we parahatçylyk barada gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserine ýüzlenmesek, bärden gaýtdygymyz bolar. «Parahatlyk — Zeminiň asudalygydyr, asmanyň päkizeligidir» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz bu eserinde N.Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestindäki wakalara aýratyn orun berýär. Eserde meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek barada gürrüň edilýär. Milli Liderimiz parahatçylygy döretmek ideýasynyň Şükür bagşynyň keşbinde öz beýanyny tapýandygyny bellemek bilen, döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasynyň, psihologiýasynyň, milli aň-düşünjesiniň şöhlelenýändigini nygtaýar.

Ogulsuraý TÄÇMÄMMEDOWA,
«Balkan».