Dostlukly gatnaşyklaryň ýoly

29 Noýabr 2023
344

Ata Watanymyz Türkmenistanyň 28 ýyl mundan öň saýlap alan bitaraplyk ýoluna esaslanýan daşary syýasaty sebitiň we dünýä halklarynyň asudalygyny, parahatlygyny we bagtyýarlygyny özünde jemleýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle miras bolup gelýän ynsanperwerlik ýörelgesidir. Bu köňülleriň, ýürekleriň, maksatlaryň birligidir. Özeninde päklige, ýagşylyga giň orun beren Türkmenistanyň baky Bitaraplygydyr. Bu biziň dünýä halklaryny parahatçylyga çagyrýan we ynsanperwerlik ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatymyzdyr. Bitaraplyk taglymaty eziz Diýarymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga uly güýç berýär hem-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolupdy. Şu güne çenli berkarar döwletimiz saýlap alan ýoluna ygrarlydygyny doly subut etdi. Baky Bitarap ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga giň orun bermegi, sebit we dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda asudalyga, parahatçylyga, goňşy gatnaşyklarynyň jebisleşmegine, ynanyşmaga gönükdirilen bitaraplyk syýasatymyz giň goldawa eýe bolýar hem-de merdana halkymyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň has-da arşa göterilmegine şert döredýär.

Uzukjemal AMANDURDYÝEWA,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.