Tagallalar — halkyň bähbidine

29 Noýabr 2023
400

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Watanymyzyň ösüşleriniň binýady barha pugtalandyrylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, Watanymyzyň halkara abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýän «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýöredýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan giňden oňlanylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Merjen paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletlilik ýörelgesiniň we parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasat ugrunyň uly üstünligidir. 2015-nji ýylyň 3-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde dünýä döwletleriniň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikilenji gezek biragyzdan kabul edilmegi, daşary ýurtlaryň 47-siniň bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi güneşli Diýarymyzyň ählumumy ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny äşgär edýär. Şöhratly taryhymyzda iňňän uly ähmiýete eýe bolan 12-nji dekabryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edilmegi-de ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer daşary syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.

Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.