Hemişelik buýsanjymyz

29 Noýabr 2023
319

Berkarar döwletimiz geçen ýyllarda öz saýlap alan syýasy ýoluna doly ygrarlydygyny, Bitaraplygyň ähli borçlaryny we talaplaryny gyşarnyksyz berjaý edýändigini dünýä ýüzünde subut etdi. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen öňe barýandygyny, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslanýandygyny nygtaýar.

Hemişelik Bitarap Diýarymyza söýgi-buýsanjymyz egsilmeýär. Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň miwelerini gündelik durmuşymyzda görýäris. Parahat, agzybir halkymyzyň, durnukly we çalt depginler bilen ösýän döwletimiziň bitaraplyk ýörelgesi ygtybarly, geljegi bolsa has-da nuranadyr.

Çynar NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň syýasy we guramaçylyk işleri bölüminiň partiýa guramaçysy.