Bitaraplyk bagtyýarlyk buýsanjym

23 Noýabr 2023
515

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu gün 28 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň Ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” rezolýusiýasynyň gaýtadan biragyzdan kabul edilmegi hem muny tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle mazmunly rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.