Baky belent dereje

22 Noýabr 2023
401

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 18-nji noýabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy bizi örän begendirdi. Munuň özi güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýän ajaýyp wakadyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habara ünsi çekip: «Biz muňa ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde baha berýäris» diýip bellemegi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň gadyr-gymmatynyň örän ýokarydygyny, halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy geçmişinden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerine baky ygrarlydygyny aýdyň subut edýär. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde bolup geçýän şanly wakalar, gazanylýan üstünlikler ýagty geljegimize röwşen şuglasyny saçýar.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».