Bitaraplyk — geljege ynamyň sarsmaz sütüni

15 Noýabr 2023
597

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň gözbaşy, belent maksatlary, hoşgylaw meýilleri agzybirlige, asudalyga, parahatçylyga, lebzihalallyga, dost-doganlyga, sylag-hormata esaslanýar. Baky Bitarap ata Watanymyz dünýä bileleşigi tarapyndan agzybirligi we parahatçylygy, dost-doganlygy döretmegiň, ösdürmegiň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr».

Ýurdumyzda alnyp barylýan daşary hem içeri syýasat halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Eziz Diýarymyz dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyny orta goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar, giňeldýär, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, ählumumy howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlary bitaraplyk ýörelgämiziň bütin dünýäde dabaralanmagyna giň ýol açýar. Gahryman Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, şu ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmagy, bu sessiýada halkara ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe boldy. Bu berkarar döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, Milletler Bileleşigi bilen strategik gatnaşyklary çuňlaşdyrmak işini ileri tutýandygyny ýene bir gezek subut edýär.

Bibizylyha Mämmetgurbanowa,
welaýat kazyýetiniň işgärler we ýörite işler boýunça bölüminiň uly maslahatçysy.