Asuda durmuşyň we ösüşiň sakasy

7 Noýabr 2023
737

Biziň Garaşsyz döwletimiz umumadamzat gymmatlyklaryna, demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, raýat asudalygyny kepillendirmek, BMG we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň borçlaryny doly berjaý edýär. Dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni, gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda döwletimiz uly üstünliklere eýe bolup, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine, aýdyň ertirlerine sary barýar. Häzirki döwürde ata Watanymyz sebit we bütin dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekip, hoşniýetli, dostlukly gatnaşygy ýola goýýar.

Serdar JORAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.