Bitaraplyk bagty

7 Noýabr 2023
802

Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary şanly Garaşsyzlyk, şöhratly Bitaraplyk döwri bilen baglanyşykly. Çünki ýurdumyz özbaşdak ösüşiň milli ýolunda ähli ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň köp ugurlardaky ösüşleriniň gözbaşy bolup, halkara giňişliginde abraýyny artdyrýar we Türkmenistan dünýäniň gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny tapýar.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanmagy ähli ýurtlar we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde mäkäm binýat bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň öz ykbalyny we geljegini özüniň gülledip ösdürmegine, dünýädäki beýleki döwletler bilen bir hatarda, goňşy ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär.

Abdymyrat AHMEDOW,
Köneürgenç etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.